Zarif: Amerika başgalary adam ogurlamakda aýyplap, jenaýatçylykly gatnaşyklaryny gizleýär
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i12506-zarif_amerika_başgalary_adam_ogurlamakda_aýyplap_jenaýatçylykly_gatnaşyklaryny_gizleýär
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň Eýrana garşy täze atmosferasyna jogap edip, Waşingtona beýlekileri günäkärlemezden ozal öz ýagdaýyny çözmegi maslahat berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 16, 2021 13:11 Asia/Ashgabat
  • Zarif: Amerika başgalary adam ogurlamakda aýyplap, jenaýatçylykly gatnaşyklaryny gizleýär

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň Eýrana garşy täze atmosferasyna jogap edip, Waşingtona beýlekileri günäkärlemezden ozal öz ýagdaýyny çözmegi maslahat berdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri anna güni ABŞ-nyň Eýrana bildirýän aýyplamasyna jogap edip, Haitiniň prezidentiniň janyna kast edilmegine Amerikaly elementleriň gatnaşygy we Wenesuelanyň prezidentine garşy şuňa meňzeş synanyşyk barada ýazan Twittinde: ABŞ bilen baglanyşykly ýaragly adamlar Wenesuela we Haiti liderleri öldürmek üçin ABŞ topragynda plan düzýärler, bu bir ýagdaýdadyr welin ABŞ hökümeti beýlekileri adam alyp gaçmakda aýyplap, jenaýatçylykly gatnaşyklaryny işjeň ýagdaýda gizleýär diýdi.

Zarif şeýle-de: Başgalary günäkärlemezden ozal öz ýagdaýyňyzy çözüň diýdi.

ABŞ-nyň Adalat ministrligi ýakynda beren beýanatynda FBI-nyň Eýran Yslam Respublikasynyň ABŞ-nyň topragynda "aktiwisti" alyp gaçmak synanyşygyny puja çykarandygyny toslady.

Tähran Waşingtonyň bu toslamalaryny "gülkünç" diýip atlandyrdy.