Eýranyň terrorçylyk hereketlerine garşy göreşde Yrak bilen hyzmatdaşlyga taýynlygy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i12544-eýranyň_terrorçylyk_hereketlerine_garşy_göreşde_yrak_bilen_hyzmatdaşlyga_taýynlygy
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Eýranyň terror hereketlerine garşy göreşmek üçin Yrak bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 20, 2021 12:46 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň terrorçylyk hereketlerine garşy göreşde Yrak bilen hyzmatdaşlyga taýynlygy

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Eýranyň terror hereketlerine garşy göreşmek üçin Yrak bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Said Hatibzadeh" Bagdadyň Sadr şäherinde bolup geçen terrorçylyk hereketini ýazgarmak bilen, Eýranyň ýurtdaky terrorçylyk hereketlerine garşy göreşmek üçin Yrak hökümeti bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary bu wagşyçylykly hereketi, Gurban baýramynyň öňüsyrasynda Yragyň ezilen halkynyň ýüreklerini agyrtýan Yrakdaky wagşy terror senarileriniň gaýtalanmagy diýip atlandyrdy.

Hatibzadeh, Eýran Yslam Respublikasynyň döwletiniňň we halkynyň tarapyndan Yrak halkyna we hökümetine duýgudaşlyk bildirip, bu pajygaly wakanyň pidalaryna ylahy rehim we bagyşlanma we ýaralananlara saglyk arzuw etdi.

Yragyň paýtagty Bagdadyň golaýynda bolan bomba partlamasynda azyndan 29 adam ölüp, 47 adam ýaralandy.

Partlamanyň jogapkärçiligini DAEŞ terror topary öz üstüne aldy.