Huzestanda suw krizisi; "Baçlet"-iň Eýrana garşy syýasy beýannamasy
Tebigy hadysa hökmünde guraklyk, Eýranyň günorta-günbataryndaky Huzestan welaýatyny birnäçe wagt bäri suw kemçiligine ýüz be ýüz edipdur.
Ýewropada güýçli weýrançylyga we zeper ýetmegine we ýüzlerçe adamyň ölmegine we ýitmegine sebäp bolan suw joşmasy tebigy hadysalar ýaly, Eýranda guraklyk adamlaryň durmuşyna, esasanam oba ýerlerinde ýaramaz täsir etdi we nägileliklere sebäp boldy .
Eýrana garşy aýdylan beýanatlary ýaýratmaga öwrenişen Günbatar ýurtlary hem bu meseläni Eýrana garşy propaganda bahanasy hökmünde ulandylar. Şu nukdaýnazardan BMG-nyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary Mişel Baçlet galp aýyplamalar bilen beýanat ýaýratdy. Eýrany adam hukuklaryny bozmakda günäkärledi .
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary şenbe güni Baçletiň bu beýanatyna reaksiýa bildirip, ýurduň suw baýlyklaryny dolandyrmak baradaky hünärsiz we ikitaraplaýyn teswiriň Komissaryň we Adam Hukuklary Institutynyň jogapkärçiliginde däldigini aýtdyp, Adam hukuklary boýunça halkara işgäri bolmakdan has köp duşmançylykly edebiýat bilen syýasy beýannama meňzeýär diýip nygtady.
Bu meselede möhüm nokatlar bar; birinjisi, halkyň hukuklary baradaky talaplaryna jogap berilmelidigini we meseleleriň çözülmelidigini kabul etmekdir.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneý, geçen anna güni Huzestan halkynyň meselelerine ünsi çekip, Huzestanda suw we welaýatyň paýtagty Ahwazdaky kanalizasiýa baradaky ozalky teklipleriň berjaý edilmezliginden gürrüň etdiler. OI Hezretler,hökümet resmilerine we döwlete dahylsyz işgärlere görkezme berip Huzestan welaýatynyň ilatynyň meselelerini yzarlaň divdiler.
Resmiler indi dürli edaralar we guramalar bilen işleşýärler we suw ýetmezçiligi meselesini çözmek üçin çäreler görülýär.
Bu tagallalary dowam etdirip, Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň baş serkerdesi general-maýor "Huseýin Salami" şenbe güni Huzestan welaýatynyň suw dartgynlygy bolan obalara eden saparynda Huzestanyň möhüm we mukaddesdigini, we kynçylyklar çözülýänçe,Sepahyň halk bilen bile boljakdygyny aýtdy.
Ikinji nokat; Emma bu hukuk goraýjy aktiwistleriň aýyplamalary Günbatar syýasy we propaganda enjamlary tarapyndan Eýrana garşy hemişelik tejribä öwrülendir.