Goranmak ministri: Eýran-Wenesuela gatnaşyklary strategiki, çuň we doganlyklydyr
(last modified Thu, 05 Aug 2021 11:11:28 GMT )
Aug 05, 2021 16:11 Asia/Ashgabat
  • Goranmak ministri: Eýran-Wenesuela gatnaşyklary strategiki, çuň we doganlyklydyr

Eýran Yslam Respublikasynyň Goranmak ministri Wenesuelanyň Goranmak ministri we wise-prezidenti bilen duşuşygynda Eýran-Wenesuela gatnaşyklary strategiki, çuň we doganlyklydyr diýdi.

IRNA  habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Goranmak ministri Brigada generaly Amir Hatami şu gün, penşenbe güni Wenesuelanyň Goranmak ministri we wise-prezidenti Rikardo Menendez Pirito bilen bolan duşuşygynda Eýranyň Wenesuelanyň rewolýusiýa we ulumsylyga garşy dostlukly ýurdy hakdaky kesgitli we prinsipial syýasaty Gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakdyr diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Goranmak ministri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we iki ýurduň arasynda ylalaşyk gazanmak üçin edýän tagallalaryny güýçlendirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Wenesuelanyň Goranmak ministri duşuşykda Eýran Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklaryň Wenesuela üçin aýratyn ileri tutulýandygyny we möhümdigini aýtmak bilen soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar ösüşe bakan bolandyr we bu gatnaşyklar iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki sammitiň geçirilmegi bilen günsaýyn öser diýip umyt edýäris diýdi.

Wenesuelanyň Goranmak ministri, şu gün geçiriljek Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýed Ybraýym Raisiniň kasam kabul ediş dabarasyna gatnaşmak üçin Tährana geldi.

Tags