Raisi: Eýran güýçli we kuwwatly Yragyň bolmagyny isleýär
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Yragyň prezidenti bilen bolan duşuşygynda Eýran güýçli we kuwwatly Yragyň bolmagyny isleýär diýdi.
Habarçymyzyň beren habaryna görä,Eýranyň prezidenti Seýed Ybraýym Raisi şu gün, penşenbe güni Yragyň prezidenti Barham Saleh bilen bolan duşuşygynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň derejesiniň geljek döwürde günsaýyn gowulaşjakdygyny aýtmak bilen Yslam rewolýusiýasynyň ýokary ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, Eýran güýçli we kuwwatly Yragyň bolmagyny isleýändir diýdi.
Raisi sözüniň dowamynda ýetip gelýän saýlawlar, gadyrly Yrak halkynyň mertebesi we abraýy üçin halkyň islegini ýerine ýetirmek üçin platforma bolar diýip umyt edýäris diýdi.
Duşuşygyň dowamynda Yragyň prezidenti: Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek üçin köp mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.
Barham Saleh, Eýranyň Yragyň territorial bitewiligini goramak we terrorçylyga garşy alyp barýan işlerine ýokary baha bermek bilen bu mesele taryhda Eýranyň kyn günlerde Yragyň dostydygy we bu meseläniň hemişe iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegi üçin şamçyrak boljakdygy ýazylar diýip nygtady.