Koronany kontrol etmek ugurda bar bolan mümkinçilikleri ulanmak üçin Raisiň buýrugy
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Saglyk ministrine korona wirusyna gözegçilik etmek we näsaglary bejermek üçin ähli zerur mümkinçilikleri ulanmagy tabşyrdy.
Eýranyň prezidentlik gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýed Ybraýym Raisi duşenbe güni Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministri we Horasan Razawiniň häkimi (Eýranyň demirgazyk-gündogary) bilen aýry telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde ýurtda we Horasan Razawi welaýatynda korona keseliniň soňky ýagdaýyny yzarlady.
Bu telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, keseli gözegçilikde saklamak, näsaglary bejermek we olara berilýän hyzmatlaryny çaltlaşdyrmak üçin bar bolan mümkinçilikleriň ulanylmagyny nygtady we zerur buýruklary berdi.