Raisi: Eýran döwleti, Fransiýa bilen gatnaşyklaryň ösmegini garşy alýar
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Eýranyň täze döwleti, umumy bähbitlere we birek-birege hormat goýmak esasynda Fransiýa bilen gatnaşyklaryň ösmegini garşy alýar diýdi.
EýranPress habarlar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýed Ybraýym Raisi duşenbe güni Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň borçnamalaryny ýygy-ýygydan we gödek bozulmalaryna salgylanyp şeýle hem, ýadro ylalaşygynyň Ýewropaly üç döwletiniň bu halkara şertnamadaky borçlaryny ýerine ýetirmeýändigini aýtmak bilen, Amerikalylar täze sanksiýalary girizmek bilen öz borçnamalaryny aç-açan bozdylar we hatda gumanitar pudaga täze sanksiýalary hem girizdiler diýip nygtady.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Ýewropalylaryň ýadro ylalaşygy boýunça borçlaryny ýerine ýetirmelidigini aýtmak bilen her bir gepleşikde Eýran halkynyň hukuklary goldanylmaly we milletimiziň bähbitleri üpjün edilmelidir diýdi.
Raisi şeýle-de Yslam respublikasy Pars aýlagynda we Oman deňzinde howpsuzlygy üpjün etmek meselesine çynlakaý çemeleşýär diýmek bilen howpsuzlygy bozýanlar bilen garşylaşjakdygyny aýtdy.
Fransiýanyň prezidenti hem Seýed Ybraýym Raisini işe girişmegi bilen gutlap oňa üstünlik arzuw etmek bilen Eýran bilen Fransiýanyň hyzmatdaşlygy arkaly sebitde parahatçylygy we durnuklylygy ornaşdyrmakda rol oýnap bilerler diýdi.
Emmanuel Makron ABŞ-nyň ýadro şertnamasyndan birtaraplaýyn yza çekilmegi we bu halkara şertnamanyň ýerine ýetirilmeginiň togtadylmagy barada gürrüň gozgap biz bu meseläniň çözgüdini gözleýäris we gepleşikleriň täzeden başlanmagyny umyt edýäris diýip sözlerine goşdy.