Eýranyň Owganystandaky wakalar baradaky pikirleri we geňeşmeleri
Owganystandaky wakalardan we Kabulyň Talyban tarapyndan ýykylmagyndan soň ýurtlaryň arasynda krizisi çözmek boýunça geňeşmeler güýçlendi.
Şunuň bilen baglylykda, Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif duşenbe güni Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň Owganystan boýunça ýörite wekili SýaoÝung bilen duşuşyp, Eýran Yslam Respublikasynyň Owganystandaky wakalara bolan garaýşyny we Eýranyň Owganyň Utgaşdyryjy Geňeşini häzirki ýagdaýdaky zorlugyň we urşuň möwjemeginiň öňüni almak maksady bilen goldaýandygyny aýtdy.
Zarif Owganystandaky soňky wakalarda göçürilenler we goňşy ýurtlara çozmagy meselesini esasanam korona epidemiýasynyň kyn şertlerini göz öňünde tutup,Owganystandaky wakalardan gelip çykýan iň möhüm we zerur meseleleriň biri hasaplady,
Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif bilen geçirilen söhbetdeşlikde Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybrahym Reisi howpsuzlyk, durnuklylyk we abadançylyk owgan halkynyň hukugy diýip atlandyrdy we: "Eýran Owganystanyň ilkinjisi bolan durnuklylyk üçin işlär diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: "Eýranyň Owganystan bilen goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarly dygyny nygtady. "
Eýranyň prezidenti ABŞ-nyň Owganystandan çykarylmagy bu ýurtda durmuşy, howpsuzlygy we dowamly parahatçylygy dikeltmek üçin bir pursat bolmalydyr diýdi.
Taryhyň hakykatlary Owganystanyň halkynyň haýsydyr bir agressiýa we çozuşa hemişe garşy durandyklaryny, gündogardan we günbatardan gelen hüjümçiler owgan mujahitleriniň erkine we garşylygyna garşy çykyp, bu toprakdan kowulandygyny görkezýär.
Indi bu ýurdy basyp alanyna we milliardlarça dollar bahasy bilen ýüzlerçe müň esgeriň ýerleşdirilmegine 20 ýyl boldy, emma Owganystanda bu basyp alyşlygyň galan zady; Uruş we howpsyzlykdyr.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary soňky 20 ýylda Owganystandaky söweş üçin 2,226 milliard dollar sarp etdi. Amerikalylar Owganystanda-da, Yrakda-da köp jenaýat etdiler we häzirki ýagdaýda Owganystany terk etmäge mejbur bolanda ýurt bölünişik we düşünişmezlik möwç aldy.
Eýranyň ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary "Ali Şamhani" internet şahsy sahypasynda şeýle ýazdy: "1997-nji ýylyň dekabrynda Kabula eden saparymda Owganystanyň prezidenti bilen kyn duşuşyk geçirdim.
Ol sözüniň üstüni ýetirdi: "Owgan Goranmak ministriniň şu günki gynançly sözleri, Owganystany 20 ýyllap basyp almagynyň ABŞ tarapyndan eden täsirleriniň we Waşingtonyň bu ýurduň hökümetine edýän täsiriniň netijesi boldy diýdi."
Şamhani: Soňky 40 ýylda bolşy ýaly, Owganystanyň halkyny we olaryň islegini goldaýarys diýdi.
Eýran Yslam Respublikasy Owganystanda durnuklylygy we howpsuzlygy ýola goýmak üçin hiç hili tagalla etmejekdigini birnäçe gezek mälim etdi we goňşy ýurtlaryň we sebitleriň Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy ýola goýmak üçin hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegine garaşýar.