Eýranyň Pakistandaky ilçisi: Tähran bilen Yslamabadyň isleýän zady Owganystanda durnuklylygyň berkarar bolmagy
Eýran Yslam Respublikasynyň Pakistandaky ilçisi: Tähran we Yslamabat Owganystana hoşniýetli garaýarlar we bu ýurtda dowamly parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy iki goňşularyň umumy islegidir diýdi.
Çarşenbe güni IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Pakistandaky ilçisi "Seýed Muhammet Ali Hoseýni" Pakistanyň daşary işler ministri "Şah Mahmud Gureşiniň" Eýrana saparynyň öňüsyrasynda Owganystanyň iki esasy goňşusy bolýan Eýran bilen Päkistanyň, ABŞ we onuň günbatar ýaranlary tarapyndan 20 ýyllap Owganystany basyp almagyň netijelerine we bu ýurtda dörän başagaýlygyň yzgelimlerine hemişe sezewar bolandygyny aýtdy.
Eýranyň Pakistandaky ilçisi şeýle-de soňky ýyllarda Eýran bilen Päkistan Owganystan meselesinde gowy utgaşdy we hemişe biri-biri bilen ýakyn maslahatlaşdy diýip yglan etdi.
Hosseýni sözüniň dowamynda Eýran bilen Päkistanyň Owganystandaky parahatçylyk meselesinde hem umumy we ýakyn pozisiýalary bardyr diýmek bilen iki ýurduň Parahatçylyk maksatnamasynyň daşary ýurt päsgelçiliksiz we Owganystandaky ähli içerki toparlaryň gatnaşmagynda gutarnykly durmuşa geçirilmelidigine ynanýandyklaryny aýtdy.