Aug 25, 2021 18:28 Asia/Ashgabat
  • Hatibzadeh: Terrorçylyk we ekstremizm halkara netijesizliginiň yz gelimidir

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary terrorçylygy we ekstremizmi häzirki halkara ýagdaýyň netijesizliginiň tebigy netijesi diýip atlandyrdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh çarşenbe güni Halkara ýatlama we terrorçylyk pidalaryna hormat goýmak güni mynasybetli eden ýüzlenmesinde Eýran Yslam Respublikasynyň döräni bäri elmydama syýasy we ykdysady terrorçylyklaryň dürli görnüşleri bilen ýüzbe-ýz bolandygyny aýdyp Eýran, bu iki kynçylygyň, terrorçylygyň we ekstremizmiň häzirki halkara ýagdaýynyň netijesizliginiň tebigy yz gelimidigini subut edip bilendir diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary şeýle-de häzirki wagtda Günbataryň beýleki raýat jemgyýetleri ABŞ-nyň we käbir Günbatar ýurtlarynyň Günbatar Aziýa sebitindäki harby başdan geçirmelerine düşündiler we olaryň DAEŞ we Jabhat al-Nusra ýaly terrorçy toparlaryň döremegine we hüjümine we düýbünden görlüp-eşidilmedik, rehimsiz we wagşy zorluga ýol açmaklaryny aňandyrlar diýdi.

Hatibzadeh şeýle-de Eýran Yslam Respublikasy zorluksyz dünýäni we adamlaryň öz ykbalyny kesgitleýän dünýäni gurmagy ýüregine düwýändir diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: Eýranlylar terrorçylygyň dürli görnüşlerini gördüler we terrorçylalyň iň möhüm kartynyň umydy ýok etmekdigine düşündiler ýöne umydy saklamak bilen terrorçylyga we ekstremizme garşy durup bileris diýdi.

Tags