Oct 02, 2024 12:48 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Daşary işler ministri: Eýranyň Ysraýyla eden hüjümi kanuny goranmak hukugyna esaslanýar

Eýranyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Ysraýyla raketa hüjümini kanuny goranmak hukugyna (Birleşen Milletler Guramasynyň Hartiýasynyň 51-nji maddasy) laýyk diýip atlandyrdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi sişenbe güni agşam Angliýanyň, Germaniýanyň we Fransiýanyň daşary işler ministrleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýranyň Tähranda, Gaza zolagynda we Liwanda sionist režimiň birnäçe gezek eden jenaýatlaryndan soň Eýranyň 2 aýdan gowrak wagt bäri özüni saklandygyny aýtmak bilen, Eýran, Sionist režiminiň harby we howpsuzlyk bazalaryny nyşana alandyr diýdi.

Eýranyň diplomatik gullugynyň başlygy şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň uruşdan gorkmasa-da dartgynlygy we urşy güýçlendirmek islemeýändigini aýtmak bilen eger-de Sionist režimi ar aljak bolsa, Eýranyň jogaby has agyr bolar diýip beýan etdi.

Aragçi ähli ýurtlaryň ot açyşlygy bes etmek we Sionist režiminiň hüjümleriniň öňüni almak we sebitde, esasanam Liwanda we Gaza zolagynda dartgynlylygyň hasam güýçlenmeginiň öňüni almak ugurda tagalla etmeklerini isledi.

Şunuň bilen baglylykda, Eýranyň Daşary işler ministri X sosial ulgamynda (öňki Twitter) şeýle ýazdy: Bu ýurduň hereketi, takmynan 2 aýlap özüni saklamakdan we Gazada atyşygyň bes edilmegi mümkinçiligini üpjün etmek maksady bilen edildi.

Yslam Ynkylabynyň Sepah Pasdarany 1-nji oktýabr, sişenbe güni agşam bir bildiriş boýunça, Ysmaýyl Haniýehiň, Seýid Hasan Nasrallah we IRGC operasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary Abbas Nilfroşanyň şehit bolmagyna jogap edip, basyp alnan ýerleri nyşana alandygyny yglan etdi.

Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň yglan etmegine görä, raketalaryň 90% -i basyp alnan ýerlerdäki nyşanalara üstünlikli urupdyr.

Tags