Oct 06, 2024 18:24 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň wekilleri garşylyk okuny berk goldaýandyklaryny nygtadylar

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň wekilleri Liwan we Palestina halkynyň Ysraýyl režiminiň wagşyçylykly hüjümlerine garşy çykmagyny goldadylar.

ISNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň wekilleri ýekşenbe güni geçirilen köpçülikleýin ýygnakda beýanat berip, Ysraýyl režiminiň ýaramazlaşýan şertlerinde ABŞ we Angliýanyň goldawy bilen Gaza zolagynda we Liwanda asuda ilata garşy hüjümleri güýçlendirýän wagty, Eýran Yslam Respublikasy we garşylyk oky Palestina we Liwan halkyny berk goldaýar we Amerikan-Sionist režiminiň Günbatar Aziýadaky erbet meýilnamasyny aň we ygtyýar bilen ýeňer diýip yglan etdi.

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň wekilleri şeýle-de ýaragly güýçleriň güýçli hereketine we Yslam Rewolýusiýasynyň Sepah Pasdaranynyň sionist režime garşy raketa hüjümlerine ýokary baha berdiler.