Oct 06, 2024 16:26 Asia/Ashgabat
  • Eýran güýçleriniň baş serkerdesi tarapyndan Sepah Pasdaranyň howa güýçleriniň serkerdesine

Eýranyň Ýaragly Güýçleriniň Baş serkerdesi Hezretleri Aýatolla Hameneý, Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Aerokosmos Güýçleriniň serkerdesi Brigada generaly Amir Ali Hajizadeha "Fath medalyny" gowşurdylar.

Bu nyşanyň gowşurylyşy "Dogruçyl wada" atly ajaýyp operasiýa sebäpli edildi.

"Fath medaly" yslam söweşijileriniň we bu operasiýalaryň ýeňijileriniň nyşany hökmünde saýlandy.

Bu nyşan üç palma ýapragyndan we Horramşahr beýik metjidiniň gümmezinden we Eýran Yslam Respublikasynyň baýdagyndan ybarat.

Eýran Yslam Respublikasy, özygtyýarlylygynyň bozulmagyndan we şehit bolan "Ysmaýyl Haniýe", "Seýd Hasan Nasrollah", general-maýory "Seýd Abbas Nilfroşanyň" terror bolmagyndan we sionist režimi tarapyndan bigünä palestinaly we liwanly aýallaryň we çagalaryň gyrylmagyndan özüni saklamagyndan soň, Birleşen Milletler Guramasynyň Hartiýasy esasynda kanuny goranmak üçin, 1-nji oktýabrda "Wada Sadeq 2" ýa-da şol "Dogruçyl wada" operasiýasynda ýüzlerçe ballistik raketa bilen Ysraýylyň territoriýasyny nyşana aldy.

Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň raketalary Sionist režiminiň howpsuzlyk we aňtaw nyşanalaryna zarba urdy we raketalaryň 90% -i nyşanalara üstünlikli degdi we Sionist režimi, Eýran Yslam Respublikasynyň aňtaw gullugy we iş dolandyryşy bilen gorkuzyldy.

Tags