Sep 30, 2024 12:27 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Daşary işler ministri: Şehit Nasrollanyň gany hakyň ýalňyşa ýeňiş gazanmagyny wada berýär

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri şehit "Seýd Hasan Nasrollanyň" gany hakyň ýalňyşa ýeňiş gazanmagynyň wadasy diýip atlandyrdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä; Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi X sosial ulgamynda (öňki Twitter) öz resmi sahypasynda Sionistleri ýeňen ilkinji arap goşunynyň serkerdesi bolmak mertebesine eýe bolan Seýid Hasan Nasrollah, Liwanyň basyp alynan ýerlerini sionist duşmanyň elinden almak mertebesine eýedir diýip ýazdy.

Mundan başga-da, Aragçi Şehit Seýid Hasan Nasrollanyň Tammuz söweşinde (2006-njy ýylda Ysraýyl bilen Liwanyň Hizbullahynyň arasynda 33 gün dowam eden söweş) Günbataryň harby tehnologiýalarynyň ýeňip bolmajakdygy baradaky hekaýany ýaňsylandygyna yşarat edip, şehit Seýid Hasan Nasrollah, doly kuwwat bilen üç onýyllyk erbet sionist režimiň ukusyny düýşüne öwürdi diýip beýan etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri şeýle-de Seýid Hasan Nasrollah Kuds ýolunda şehitlik hormatyny aldy diýip sözlerine goşdy.

Gaza zolagynda bir ýyl töweregi jenaýat we söweşden soň, sionist režimi 23-nji sentýabrdan bäri jenaýatlaryny Liwana çenli giňeltdi we soňky jenaýatynda (27-nji sentýabr) we Beýrutyň günortasynda ýerleşýän Dahiýany partlatandan soň, Hizbullanyň Baş sekretary Seýid Hasan Nasrollany şehit etdi.

Tags