Eýranyň prezidenti, Barjam gepleşiklerinde eýran halkynyň bähbitleriniň goralmagyny nygtaýar
Emin Yslam Respublikasynyň prezidenti , şenbe güni agşam ilkinji göni ýaýlymda beren interwýusynda; Eýran halky bilen dürli meseleler, şol sanda ykdysadyýet, 13-nji hökümetiň korona sanjymyny çaltlaşdyrmak karary barada söhbet etdi.
Aýatolla "Seýed Ybrahym Räisi" bu teleýaýlymda beren interwýusynda Eýranyň goňşularynyň howpsuzlygyny özýurdunyň howpsuzlygy hasaplaýan ýörelgesine ünsi çekip, Owganystandaky wakalara barada "Owganystanyň çözgüdi halkyň sesleri we erkleri bilen hökümet gurmakdyr diýidi.
Barjam( ýadro şertnama) barada aýatolla Räisi, şeýle hem, Eýrana basyş etmegiň hiç haçan netije bermändigini we Günbataryň muny ençeme gezek başdan geçirendigini, basyş we howplar bilen gepleşikleriň kabul edilip bilinmejekdigini aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, gepleşikleriň, diplomatiýanyň guralydygyny aýdyp, Günbatar we ABŞ basyş bilen gepleşik gözleýärler; Eýran hökümetiniň gepleşikleriniň esasy maksady Eýran halkynyň bähbitlerini goramak we sanksiýalaryň doly ýatyrylmagydyr diýip aýtdy.
Barjam( ýadro şertnama), Howpsuzlyk Geňeşiniň karary bilen tassyklanan köptaraplaýyn halkara şertnamanyň netijesidir. Şonuň üçin Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Barjam baradaky sözleri düşnükli we halkara logika esaslanýar.
Baýden ABŞ-da geçirilen saýlawda ýeňiş yglan edenden soň eden hasabatynda Amerikanyň Atlantik Geňeşi diýen akyl merkezi ,"Eýranyň doly boýun egmek islegi däl-de, hakyky diplomatiýa we gatnaşygy, Ak tamyň 2021-nji ýylyň 20-nji ýanwaryndan soň Eýrana garşy alyp barýan syýasaty bolmaly diýip aýdypdy.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary henizem 2231-nji karary we Barjamy bozýar we Trump döwründe alyp baran şol syýasaty dowam edýär.
Uniwersitetiň professory we halkara hukuk analitigi Ýannis Woras "Amerikanyň Birleşen Ştatlary halkara kararlaryny bozýar we dünýädäki demokratiýanyň habarçysy diýlip atlandyrylýan halkara abraýy dolulygyna zaýalanar" -diýdi.
"Günbataryň ,ýurtlara, esasanam Eýrana garşy sanksiýalary erkin söwdanyň kadalaryna we ahlak meselelerine garşydyr,we mümkin boldugyça gysga wagtda bu sanksiýalary bes edilmelidir diýip Woras aýtdy.