Sionist režimiň Daşary işler ministriniň boş toslamalaryna Eýranyň beren jogaby
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i13354-sionist_režimiň_daşary_işler_ministriniň_boş_toslamalaryna_eýranyň_beren_jogaby
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Sionist režimiň Daşary işler ministriniň esassyz toslamalaryna reaksiýa bildirip: Eýranyň jogap bermäge haklydygyny yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 10, 2021 16:50 Asia/Ashgabat
  •  Sionist režimiň Daşary işler ministriniň boş toslamalaryna Eýranyň beren jogaby

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Sionist režimiň Daşary işler ministriniň esassyz toslamalaryna reaksiýa bildirip: Eýranyň jogap bermäge haklydygyny yglan etdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Said Hatibzadeh" Sionist režimiň Daşary işler ministriniň ýalan toslamalaryna jogap hökmünde anna güni twit ýazyp bikanun Ysraýyl režimi, bikanun atom bombalary we NPT-e goşulmakdan ýüz öwürmegi bilen, NPT agzasy we dünýäde iň köp gözegçilik edilýän ýadro programmasy bolan Eýrana ýene bir gezek howp salýar diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Eýranyň bu haýbat atmalara garşy jogap bermäge haklydygyny aýtdy.

Moskwa giden Sionist režiminiň Daşary işler ministri Ýair Lapid Eýrany ýadro ýaragyny döretmekde aýyplady.

Şu gün (anna) Sputnik bilen geçirilen söhbetdeşlikde Ýair Lapid: "Eýran ýadro ýaragyny edinmegiň bosagasynda we munuň [Ysraýyl tarapyndan] jogapsyz galmajakdygyny bilmelidir diýip toslady".