Yrak hökümetiniň Eýran bilen ykdysady taslamalary durmuşa geçirmek baradaky çynlakaý karary
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i13410-yrak_hökümetiniň_eýran_bilen_ykdysady_taslamalary_durmuşa_geçirmek_baradaky_çynlakaý_karary
Eýran mejlisiniň Milli Howpsuzlyk we Daşary Syýasat Komissiýasynyň başlygy Yrak hökümetiniň, Eýran bilen ykdysady taslamalary durmuşa geçirmek üçin çynlakaý syýasy kararynyň bardygyny aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 14, 2021 11:22 Asia/Ashgabat
  • Yrak hökümetiniň Eýran bilen ykdysady taslamalary durmuşa geçirmek baradaky çynlakaý karary

Eýran mejlisiniň Milli Howpsuzlyk we Daşary Syýasat Komissiýasynyň başlygy Yrak hökümetiniň, Eýran bilen ykdysady taslamalary durmuşa geçirmek üçin çynlakaý syýasy kararynyň bardygyny aýtdy.

Eýran mejlisiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy "Wahid Jalalzadeh" Mehr habar gullugyna beren interwýusynda Yragyň premýer-ministri Mustafa al-Kazemi 13-nji hökümetiň işe başlamagyndan soň Eýrana gelen ilkinji syýasy işgär boldy bu mesele bolsa Eýran-Yrak gatnaşyklarynyň çuňlugyny we giňligini görkezýär diýdi.

Mejlisiň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy şeýle-de Eýran bilen Yragyň iki döwleti birleşseler, sebitdäki köp meseleler hökman çözüler diýdi.

Jelalzadeh şeýle-de Yragyň ABŞ-nyň Siriýa garşy girizen sanksiýalaryny bozmakda möhüm ädimleri ätip biljekdigini we mundan başga-da, Yrak hökümeti Liwan halkyna sanksiýalardan halas bolak üçin kömek edip biljekdigini aýtdy.

Mejlisiň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy sözüniň dowamynda goňşy ýurtlar bilen ykdysady diplomatyýanyň ösdürilmegi Eýran Yslam Respublikasynyň ileri tutýan syýasatlaryndandygyny beýan etdi.

Yragyň premýer-ministri Mustafa al-Kazemi şu hepde Tährana, Eýranyň resmileri bilen duşuşmak üçin geldi.