Eýran Yslam Respublikasynyň garaýyşy: "söweşi" inkär etmekdir
Eýran Yslam Respublikasynyň garaýyşy: "söweşi" inkär etmek we "adalat" esasynda "parahatçylyk" gurmakdir.
Eýran Yslam Respublikasy sebitde hiç wagt harby dartgynlyk gözlemedi, ýöne parahatçylykda we adalatda ýaşamak üçin howplara garşy güýçli we hüşgär bolmalydygyny nygtaýar.
Şübhesiz, wagtyna, ýerine we jemgyýetiň görnüşine garamazdan, taryhda parahatçylyk we howpsuzlyk adamlaryň iň möhüm isleglerinden biridir. BMG bu global islege jogap edip, Baş Assambleýanyň kararyna esaslanyp, 1981-nji ýyldan bäri her ýylyň 21-nji sentýabryny "Bütindünýä Parahatçylyk güni" diýip yglan etdi. Emma hakykat, parahatçylygyň maksady diňe bir inkär etmek we uruşdan gaça durmak däl, eýsem adalat, deňlik we howpsuzlyk duýgusydyr.
Gözlegçi Jamil Milani, parahatçylyga halkara hukugynyň nukdaýnazaryndan seredip, halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy, Ženewaň dört konwensiýasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Hartiýasy we Adam hukuklarynyň älhli umumy Jarnamasy ýaly dürli resminamalara salgylanýar. Emma bu resminamalarda halkara hukugynyň esasy maksady adalat däl-de, parahatçylykdyr.Eýranyň ýaragly Güýçleriniň Goranmak we goldaw ministri brigada generaly Muhammet Reza Aştiani şenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň Goşunynyň Üçünji Halkara Parahatçylyk we Goranyş Sergisiniň açylyş dabarasynda Eýranyň dowamly parahatçylyga bolan garaýşyny aýtdy.Amir Aştiani, adalat ýola goýulsa parahatçylygyň dowam etjekdigini aýtdyp ýruşuň gutarmagy bilen hakyky parahatçylygyň gazanylmajakdygyny we söweşiň başga görnüşlerde dowam etjekdigini ýadymyzdan çykarmaly däldiris diýdi.Eýranyň ýaragly Güýçleriniň Goranmak we goldaw ministriniň çykyşynda bu meselede parahatçylygyň hakyky düşünjesine düşünmekde möhüm bir mesele agzaldy.Eýranyň ýaragly Güýçleriniň Goranmak we goldaw ministri; Parahatçylyk diňe sütemkärlere we ezijilere garşy durmagyň kölegesinde mümkindir. Bu ünsi, Eýranyň ýaragly Güýçleriniň howpsuzlygy goramakda, sütemlere we parahatçylyga howp salýan faktorlara garşy strategiki roluna laýyk gelýän adalat bilen parahatçylygyň bilelikde ýaşamagynyň zerurdygyna ünsi çekýär. Aslynda, parahatçylyk, adalat we howpsuzlyk biri-biriniň zerur elementleri, şonuň üçin parahatçylygyň hakyky manysy adalat, ösüş we howpsuzlyk ýaly adamzat gymmatlyklaryndan aýrylyp bilinmez. Başgaça aýdylanda, adalatsyz dünýäde parahatçylyk bolup biler garaşylmaýar.