Tehranda Eýran, Azerbaýjan Respublikasy we Türkiýe bilen üç taraplaýyn ýygnak geçirilýär
Eýranyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrleri Tehranda Eýran, Azerbaýjan Respublikasy we Türkiýäniň arasynda üç taraplaýyn ýygnak geçirmek barada ylalaşdylar.
IRNA habar gullugynyň penşenbe güni beren habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdullahian Nýu-Yorkorkda Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşo Oglu bilen duşuşyp, sebitde täze wakalaryň bolup geçýändigini belläp, iki ýurduň arasynda yzygiderli maslahatlaşmagyň zerurdygyny aýtdy.
Amir Abdullahian Owganystandaky wakalar barada: "Biz bu ýurtdaky ähli taraplar bilen aragatnaşyk saklaýarys, ýöne iň möhüm zat Owganystandaky parahatçylyk we durnuklylyk üçin dowamly çözgüt hökmünde bütin taraplary öz içine alyjy hökümetiň döredilmegidir diýip nygtady.
Eýran Yslam Respublikasyna garşy girizilen sanksiýalary tankytlap, Türkiýäniň Daşary işler ministri Eýrana garşy birtaraplaýyn we bikanun sanksiýalaryň ýatyrylmalydygyny nygtady.
Şeýle hem iki tarap Tehranda Eýran, Azerbaýjan respublikasy we Türkiýe barada üçtaraplaýyn ýygnak geçirmek barada ylalaşdy.