Raisi Türkmenistany garaşsyzlygyň ýyl dönümi bilen gutlady
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i13628-raisi_türkmenistany_garaşsyzlygyň_ýyl_dönümi_bilen_gutlady
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti öz ýüzlenmesinde Türkmenistanyň hökümetini we halkyny garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 26, 2021 13:43 Asia/Ashgabat
  • Raisi Türkmenistany garaşsyzlygyň ýyl dönümi bilen gutlady

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti öz ýüzlenmesinde Türkmenistanyň hökümetini we halkyny garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

Prezidentiň maglumat bazasyna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýyd Ybraýym Raisi ýekşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedowa iberdi ýüzlenmesindeTürkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlap, Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistan iki goňşy, hatda iki garyndaş hökmünde, ýurduňyz garaşsyz bolany bäri gowy goňşuçylyk bilen ýakyn gatnaşyklary görkezendiklerini aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti medeni baýlyklarynda we umumy taryhy geçmişlerinde ylham alyp, öz tagallalary bilen iki ýurt medeni, ykdysady we syýasy ugurlarda iki ýurduň arasynda dostlukly hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze bir baby açyp biler diýip umyt bildirdi.

Türkmenistan 1991-nji ýylda Sowet Soýuzyndan garaşsyzlygyny yglan etdi.