Eýranyň prezidenti: Goňşuçylyk syýasaty ikitaraplaýyn we ak ýürekden bolmalydyr
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti goňşuçylyk syýasaty ikitaraplaýyn we hoş niýetli bolmalydyr diýdi.
Eýranyň prezidenti "Seýed Ybraýym Raisi" çarşenbe güni geçirilen ministrler kabinetinde Sionist režimiň we terrorçy guramalarynyň Eýranyň serhetleriniň golaýynda bolmaklarynyň kabul ederli däldigine yşarat edip goňşuçylyk syýasaty iki taraplaýyn we hoşniýetlilik we konstruktiw hyzmatdaşlyga eýe bolmalydyr diýip beýan etdi.
Eýranyň prezidenti, konstruktiw hyzmatdaşlygy sebitdäki ähli halklaryň ykdysady ösüşiniň we abadançylygynyň esasy faktory hasaplamak bilen Kawkaz sebiti şeýle ýakyn hyzmatdaşlygyň gowy mysaly bolup biler diýdi.
Raisi sebit howpsuzlygynyň ähmiýetine ünsi çekmek bilen sebitleýin howpsuzlyk köptaraplaýyn içgin sebit mehanizmleri arkaly üpjün edilmelidir we erbet we şerçi elementleriň gatyşmagy halklaryň bähbidine zyýanlydyr diýip nygtady.
Raisi şeýle-de Tejribe, howpsuzlygyň kesekilere tabşyrlmagyň netijesizdigini görkezendigine yşarat edip eger ýurtlar daşary ýurt goşunlaryna bil baglamak bilen goşunlarynyň milli şahsyýetini we kimligini pese gaçyrsalar, krizis döwründe kömek berjek bolmaz diýdi.
Şeýle hem Raisi, Eýran Yslam Respublikasynyň milli bähbitlerine hüşgär we işjeňdigini aýtmak bilen Sionist režimiň we DAEŞ ýaly terrorçylyk guramalarynyň bolmagy ýurtlaryň durnuklylygyna we sebitiň howpsuzlygyna garşydyr we Eýran Yslam Respublikasy üçin çekyp çydarly däldi diýdi.