Eýran bilen Günorta Afrika halkara we sebit hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär
Oct 11, 2021 18:37 Asia/Ashgabat
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri we Günorta Afrikanyň Halkara Hyzmatdaşlyk ministri halkara we sebit ugurlarynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny nygtap geçdiler.
"Hosseýn Amir Abdullahian" duşenbe güni Günorta Afrikanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri "Pandor" bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde maýa goýum, energiýa we saglyk boýunça kiçi komitetleri döretmek, şeýle hem hyzmatdaşlygy gyzyklandyrýan ugurlaryň gün tertibinde söwda we ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň zerurdygyny aýtdy.
Günorta Afrikanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini we Günorta Afrikanyň bu meselä gyzyklanmasyny aýtdy.
Tags