Yslam agzybirligi boýunça otuz bäşinji konferensiýa;
"Yslam agzybirligi; Yslam dünýäsinde parahatçylyk we bölünişiklerden we dawa-jenjellerden gaça durmak adly Yslam agzybirligi boýunça otuz bäşinji konferensiýa "Sişenbe güni,Tähranda başlandy.
"Yslam agzybirligi; Yslam dünýäsinde parahatçylyk we bölünişiklerden we dawa-jenjellerden gaça durmak adly Yslam agzybirligi boýunça otuz bäşinji konferensiýa "Sişenbe güni, Agzybirlik hepdeliginiň başynda, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisiniň çykyşy bilen Tähranda başlandy.
Maslahata şahsy we onlaýn şekilinde 52 ýurtdan yslam akyldarlarynyň we alymlarynyň topary gatnaşdylar.
Yslam respublikasynyň prezidenti öz çykyşynyň bir böleginde bu konferensiýanyň yslam ymmaty bilen yslam dünýäsiniň arasynda dildüwşüklere garşy öwüt bermekdäki roluny örän täsirli we strategiki ähmiýete eýe hasaplady.Reisi, şeýle hem Daeş-yň ,ABŞ-nyň we sebitdäki sionizmiň maksatlary bilen birleşmegine ünsi çekip "Bu dildüwşüge şu gün Liwanda we Owganystanda şaýat bolýarys we düýn Yrakda we Siriýada şaýat bolduk diýdi. Şonuň üçin bu dildüwşige düşünmek gaty möhümdir we Yslam alymlarynyň aň-düşünjesi Yslam ymmatynda ýaşlary gorar diýip Räisi sözlerine goşdy.
Yslam ýurtlary köp howplara we dildüwşüklere duçar bolýarlar, olaryň iň möhümi sebitdäki bölünişikler, konfliktler we terrorçylykdyr. Bu kynçylyklar aslynda sebitdäki ähli ýurtlaryň we Yslam dünýäsiniň ykbalyna täsir edýän umumy howpdir. Terrorçylyk we ekstremizm diňe bir Yrak ýa-da Siriýa üçin howp däl, eýsem sebitdäki we dünýädäki parahatçylyga we howpsuzlyga çynlakaý howp bolup durýar. Aladaly ýagdaý we Daeş terrorçylarynyň Owganystandaky işleri muňa aýdyň mysal bolup biler. Şonuň üçin ekstremizm we separatizm ýaly bölünişikleri we agzybirligiň bozujy faktorlaryny ret etmek strategiki ähmiýete eýedir.
Progressiw pikiri öňe sürmek we Yslam ýurtlarynyň arasynda agzybirlik döretmek ugurlarynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we dildüwşükleri tanatmak ,Yslam dünýäsinde agzybirlik faktlaryň we aň-düşünjäniň düşündirilmegine mätäçdir.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary hiç haçan Yslam ýurtlary üçin parahatçylygy we howpsuzlygy islemedi, sebäbi Ysraýylyň bikanun barlygyny goramak we sebitdäki ABŞ-nyň agalyk ediji maksatlaryny goramak Yslam dünýäsini gowşatmak we bölmek arkaly kepillendirilýär. Yslamyň duşmanlary yslam dünýäsiniň gowşak, bölünişikli we sebitdäki daşary ýurtlulara garaşly bolmagyny isleýärler. Amerikan syýasatçylary, Sionistleri ,howpsuz saklamak üçin Günbatar Aziýa sebitinde söweşiň we konfliktiň bolmalydygyny kabul etdiler.