Raisi: Eýranyň strategiýasy Yslam dünýäsinde agzybirlikdir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i13998-raisi_eýranyň_strategiýasy_yslam_dünýäsinde_agzybirlikdir
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: Eýranyň strategiýasy Yslam dünýäsinde agzybirlikdir diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 20, 2021 18:33 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Eýranyň strategiýasy Yslam dünýäsinde agzybirlikdir

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: Eýranyň strategiýasy Yslam dünýäsinde agzybirlikdir diýdi.

Prezidentiň maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýran Respublikasynyň prezidenti Seýed Ybraýym Raisi, çarşenbe güni ministrler kabinetde Yslam Pygamberiniň (saw) we Ymam Ja'far Sadegiň (AS) doglan günlerini we Agzybirlik hepdeligini gutlamak bilen Eýranyň strategiýasy Yslam dünýäsinde agzybirligi dikeltmekdigini we duşmanyň strategiýasynyň bolsa bölünişikdigini aýtdy.

Raisi sözüniň dowamynda Yslamyň mukaddes pygamberi we maşgalasy yslam dünýäsinde we adamzat jemgyýetinde agzybirligiň syrydyr diýdi.

Prezident şeýle hem: Kimdir biri bilgeşleýin ýa-da bilmän agzybirlige garşy hereket eden bolsa, duşmanyň bähbidine oýnandyr diýdi.

Eýranyň dürli milletlerden we dinlerden bolan musulman halkynyň arasynda agzybirligi saklamaga synanyşmalydygymyza ünsi çeken Raisi: bu meseläni Yslam respublikasy üçin taktika däl, eýsem strategiýa hasaplady.