Eýran bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri gepleşik geçirdiler
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i14038-eýran_bilen_azerbaýjan_respublikasynyň_daşary_işler_ministrleri_gepleşik_geçirdiler
Eýranyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.
(last modified 2026-02-01T01:27:28+00:00 )
Oct 23, 2021 19:10 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri gepleşik geçirdiler

Eýranyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Şenbe güni Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdollahian we Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdy.

Amir Abdullahian bu söhbetdeşlikde iki ministriň arasyndaky soňky önjeýli gatnaşyklara salgylanyp, Azerbaýjan Respublikasynda tussag edilen iki sany eýranly sürüjiniň boşadylmagyna ýokary baha berdi we bu çäräni düşünişmezlikleri çözmek üçin zerur ýer berip biljek konstruktiw ädim hökmünde hasaplady.

Şeýle hem Eýranyň Daşary işler ministri, has oňyn ädimleri we Eýran ýük awtoulaglarynyň Azerbaýjan respublikasy bilen serhetýaka sebitlerinde hereketini ýeňilleşdirmäge çagyrdy.

Bu telefon söhbetdeşliginde Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow iki ýurduň arasyndaky bilelikdäki ykdysady taslamalaryň kesgitlemesiniň oňyn täsir edýändigini aýtdy we iki ýurduň arasynda bilelikdäki ykdysady komissiýanyň işjeňleşdirilmegini isledi.