Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda hiç hili aragatnaşyk ýokdyr
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Eýran Yslam Respublikasy bilen ABŞ-nyň arasynda her hili baglanyşygyň bolmagyny inkär etdi.
IRIB-yň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh duşenbe güni metbugat ýygnagynda käbir Günbatar habar beriş serişdeleriniň ABŞ-nyň Eýrana Bagdatda ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmek baradaky teklibi baradaky toslamalarynyň jogabynda : Eýran Yslam Respublikasy bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda uzak wagt bäri gepleşik ýokdyr diýdi.
Hatibzadeh şeýle-de bu meselede biziň pozisiýamyz düşnüklidir; Amerikanyň Birleşen Ştatlary BMG-nyň 2231-nji kararyny bozan we ýadro ylalaşykdan bikanun yza çekilen we ýadro şertnamasyny agdarmak we Eýran halkyna garşy bikanun we rehimsiz sanksiýalar girizmek üçin ähli tagallalary eden tarapdyr we bu faktlar we ýagdaýlar üýtgänçä, Eýran bilen ABŞ-nyň arasyndaky aragatnaşyk hiç hili ýagdaýda ýola goýulmaz diýdi.
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ýewropa Bileleşiginiň hereketsizliginden çykyp, işjeň aktýor bolmalydygyny aýtdy.
Hatibzadeh Ýewropa Troikasynyň soňky beýany barada şeýle diýdi: Angliýanyň, Germaniýanyň we Fransiýanyň hökümetleri ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyndan çykandan soň hiç bir borçlaryny ýerine ýetirmediler diýip beýan etdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: Asyl yslam ynançlaryna we Rewolýusiýanyň Ýolbaşçysynyň fatwasyna esaslanýan Eýran hiç wagt köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny öndürmäge synanyşmady we bu meseläniň goranyş doktrinamyzda ýeri ýok diýdi