Raeisi: Tehran-Damask gatnaşyklaryny berkitmäge synanyşýarys
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Eýran bilen Siriýanyň arasyndaky gatnaşyklary strategiki hasaplady we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň, esasanam ykdysady we söwda pudaklarynyň berk binýadyny berkitmäge ünsi çekdi.
Prezidentiň maglumat merkeziniň habaryna görä Duşenbe güni Siriýanyň Daşary işler ministri Faýsal Mikdad bilen bolan duşuşygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýid Ybraýym Raisi sebitde we Siriýanyň topragynda daşary ýurt güýçleriniň bikanun bolmagyny sebitiň howpsuzlygy we durnuklylygy üçin howply hasaplap DAEŞ Amerikalylar tarapyndan ýasaldy we häzirki wagtda sebitiň hemme ýerinde DAEŞ we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bolmagy halklaryň howpsuzlygy, durnuklylygy we rahatlygy üçin uly ýitgi bolar diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, şehit Haj Gasem Soleýmanyň ABŞ-ny we sebitdäki wekilçilikli toparlaryny, şol sanda DAEŞ we Sionist terrorçylygyny togtadanlygyna yşarat edip Häzirki wagtda Siriýa, sionistlere garşy çemeleşmesi bilen sionistlere garşy garşylygyň başynda durandyr diýdi.
Siriýanyň Daşary işler ministri Faýsal Mikdad Siriýanyň iki ýurduň umumy bähbitleri üçin Tehran-Damask gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak üçin ähli hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini işjeňleşdirmegi maksat edinýändigini aýdyp Siriýanyň halky Eýran Yslam Respublikasynyň goldawyny hiç wagt ýatdan çykarmaz diýip nygtady.