Gasemi:Eýran Afrindäki operasiýalaryň tizlik bilen ýatyrylmagyny isleýändir
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi Siriýanyň milli häkimiýetine hormat guýulmagyny nygtap Eýran Yslm Respublikasy Afrindäki operasiýalaryň tizlik bilen tamamlanmagyny we Türkiýe bilen Siriýanyň araçäginde dartgynlylygyň ýaýbaňlaşmazlygyny isleýändir diýip yglan etdi.
Türkiýe goşunynyň harby uçarlary şenbe güni Siriýanyň demirgazygynda ýerleşen Afrin şäheriniň töweregindäki obalary hüjüm astyna alyp başladylar we düýn bolsa bu hüjümler howadan we gury ýerden dowam etdi.
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi,Eýranyň Afriniň özgerişlerini ýakyndan göz astyna alyp duranlygyny we gaýgylanmak bilen ony yzarlap duranlygyny aýtdy.
Afrinde dartgynlylygyň dowam etmegi Siriýanyň demirgazyk sebitlerinde terrorçy toparlaryň gaýtadan pugtalanmaklaryna we uruş odynyň şöhlelenmegine sebäp bolyp biljekdir diýip Gasemi sözüne goşdy.
Gasemi şeýle-de Siriýanyň dartgynlylygynyň düýbi sebit aşa gudratlaryň şol sanda Amerika döwletiniň hemde Sionist režimi ýaly sebitiň uruş talap režimleriniň bikanun we öjükdiriji hereketleriniň netijesidir diýip belläp geçdi.
şol bir wagtda Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň başlygy serdar serleşger Muhammet Bagyry Türkiýäniň goşun ştabynyň başlygy Hulusi Akar bilen telefon arkaly Afrin meselesi hakynda gürrüň edendir.
Hulusi Akar bu söhbetdeşlikde Türkiýe goşunynyň Siriýanyň Afrin şäherinde amala aşyrýan operasiýalarynyň soňky jikme-jiki barada hasabat berdi.