Hatib: Yslam Eýran häkimiýet bilen gepleşiklere gatnaşdy
Dec 09, 2021 11:32 Asia/Ashgabat
Eýranyň aňtaw ministri: Häzirki wagt Yslam Eýran, doly ygtyýarly halkara ýygnaklara, esasanam gepleşiklere gatnaşýar diýdi.
IRNA-nyň habaryna görä, penşenbe güni Hamedanda (Eýranyň günbatary) çykyş eden Eýranyň aňtaw ministri Hojjatoleslam Walmuslimeen "Seýed Ysmaýyl Hatib" häzirki wagtda Yslam Eýranyň duşmanlarynyň sütemli sanksiýalaryň netijesizdigini aç-açan boýun alandyklaryny aýtdy.
Eýranyň aňtaw ministri şeýle-de ýurtdaky häzirki ýagdaý, şol sanda resmileriň arasynda ylalaşygyň we duýgudaşlygyň bolmagy halka hyzmat etmek we meseleleri çözmek üçin esas döredendigini aýtdy.
Tags