Dec 13, 2021 17:15 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Goşunynyň Howa Güýçleriniň serkerdesi: Yslam respublikasy haýsydyr bir ýurda çozmak niýeti ýokdyr

Eýran Yslam Respublikasynyň Goşunynyň Howa Güýçleriniň serkerdesi: Eýran haýsydyr bir ýurda hüjüm etmek niýeti ýok, ýöne güýç bilen islendik agressiýa garşy doly taýynlyk görýär diýdi.

Eýranyň ISNA Habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Goşunynyň Howa Güýçleriniň serkerdesi general uçarman "Hamid wahedi" duşenbe güni Şahid Sattari howa uniwersitetiniň serkerdeleriniň we mugallymlarynyň ýygnagynda eden çykyşynda goşunyň howa güýçleri howa howpunyň islendik derejesine we görnüşine akyl bilen jogap bermäge taýyndyr diýdi.

Brigada generaly Wahedi Şahid Sattari uniwersitetiniň roly we wezipesi barada durup geçmek bilen Islenýän gowy nokada ýetmek üçin Şahid Sattari Aerokosmiki Ylymlar we Tehnologiýa Uniwersitetiniň roly hem ünsden düşürilmeli däldir, sebäbi uniwersitet belentlige ýetmek üçin örän möhüm rol oýnaýan, ýöriteleşdirilen we welaýata gönükdirilen işgärleri taýýarlamak üçin giňişlikdir diýip yglan etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Goşunynyň Howa Güýçleriniň serkerdesi şeýle hem goşunyň pilotsyz güýjüne ünsi çekip: Pilotsyz enjamlar ösen tehnologiýa, elýeterli, arzan we dürli amalyýetleri bar diýmek bilen bu tehnologiýa asimmetrik söweşiň möhüm bölekleriniň birine öwrülendir diýip beýan etdi.

Tags