Ruhani: Eýranyň döwleti kynçylyklary çözmek we ýurdy ösdürmek ugurda gaýym durandyr
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Eýranyň döwleti kynçylyklary çözmek we ýurdy ösdürmek ugurda berk yrada gulluk edýändir diýip yglan etdi.
öten agşam prezident Hasan Ruhani tele ýaýlymda eden göni çykyşynda döwletiň bitiren işleri barada hasabat bermek bilen bir wagtda ilatyň isleglerini üpjün etmek baradaky beren wadalaryna ygrarlydygyny aýtdy.
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani sözüniň dowamynda soňky günlerdäki walýuta durnuksyzlyklaryň düzediljekdigini aýdyp walýuta çeşmeleriň kemçiligi baradaky gürrüňleriň esassyzdygyny nygtady.
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani şeýle-de döwlet ýurduň gerek walýutasyny üpjün etmegi ilata wada berendir diýmek bilen Eýranyň walýuta girdejisiniň mukdary çykdajysyndan gaty kändir diýdi.
Ruhani şeýle-de üstümizdäki ýylyň soňuna çenli Eýranyň walýuta girdejisiniň 90 milliard dollardan geçmegi mümkindir diýip sözüne goşdy.
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani sözüniň dowamynda gadaganlyklar döwründen galan kynçylyklara yşarat edip Eýranyň , sebitdir dünýäniň banklary bilen bolýan aragatnaşyklaryndaky kynçylyklar heniz islendik derejedede çözülen däldir diýip nygtady.