Dec 14, 2021 21:19 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Germaniýanyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Tehran bilen Berlin özara hormat we bähbitlere esaslanýan atmosferada ikitaraplaýyn gatnaşyklarda peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýup bilerler diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi sişenbe güni gije Olaf Schultz-a hat ýollap Germaniýanyň kansleri wezipesine bellenmegi bilen gutlamak bilen bir wagtda Eýran Yslam Respublikasy bilen Germaniýanyň arasynda ýüz elli ýaşdan geçen we uly we dürli mümkinçiliklere esaslanýan taryhy gatnaşyklar iki medeniyetli halkyň arasynda syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösmegi üçin gymmatly miras döredendir diýdi.

Raisi şeýle-de Iki ýurduň birek-birege hormat goýmak we özara bähbitli ýagdaýda ikitaraplaýyn gatnaşyklarda peýdaly we gymmatly hyzmatdaşlygy ýola goýup biljekdigine ünsi çekip Häzirki wagtda dünýä halkara we sebit derejesinde möhüm kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Bu kynçylyklary üstünlikli çözmek üçin umumy halkara jogapkärçiligine düşünmek we dünýä halklaryna parahatçylygy, durnuklylygy we abadançylygy üpjün etmek üçin bilelikdäki tagallalar gerek diýip nygtady.

Tags