Amir Abdullahian bilen Imran Han, Eýran-Pakistan gatnaşyklarynyň ösmegini nygtadylar
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen Pakistanyň premýer-ministri ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek baradaky özara kararlaryny tassykladylar.
IRNA-nyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdullahian ýekşenbe güni Yslamabat şäherinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gyssagly ýygnagynyň çäginde Pakistanyň premýer-ministri Imran Han bilen duşuşdy.
Duşuşykda Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri: Eýran hökümeti goňşulary, esasanam Pakistan bilen gatnaşyklary ösdürmegi garşy alýandygyny aýdyp iki goňşynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek baradaky islendik başlangyjyny makullaýandygyny aýtdy.
Duşuşykda şeýle hem Pakistanyň premýer-ministri Pakistanyň Eýran Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändigini aýtmak bilen Eýran Yslam Respublikasynyň we Päkistanyň Owganystandaky parahatçylygy we durnuklylygy ösdürmekde möhüm ornuna ünsi çekdi.
Imran Han Owganystandaky ýagdaýa ünsi çekip, sebitdäki we halkara gatnaşyjylary bu ýurduň gumanitar we ykdysady krizisini çözmäge kömek etmek üçin täsirli birleşmäge çagyrdy.
Şeýle hem iki tarap ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, serhetaşa söwda we iki ýurduň arasyndaky serhet bazarlaryny ösdürmek bilen baglanyşykly soňky wakalary ara alyp maslahatlaşdy.