Basra-Şalamçe demir ýoly
(last modified Mon, 27 Dec 2021 18:03:59 GMT )
Dec 27, 2021 23:03 Asia/Ashgabat
  • Basra-Şalamçe demir ýoly

Basra-Şalamçeh demir ýolunyň durmuşa geçirilmegi üçin Eýran-Yrak özara düşünişmek Memorandumyna gol çekdiler


 Basra-Şalamçe demir ýolunyň durmuşa geçirilmegi üçin özara düşünişmek memorandumyna gol çekdi; Bu, Eýranyň ýollar we şäher gurluşygy ministri Rostam Gasemi tarapyndan Bagdada saparynyň ilkinji gününde çap edilen habardy.
Eýranyň Ýollar we şähergurluşyk ministri ýekşenbe güni agşam Yragyň Transport ministri, premýer-ministri we  prezidenti dagylar bilen duşuşandan soň Basra-Şalamçeh demir ýolunyň gurluşygy üçin özara düşünişmek memorandumyna gol çekilendigini habar berdi.
Eýranyň demir ýol ulgamynyň goňşy Yrak bilen baglanyşygy we Şalamçeh-Basra demir ýolunyň tamamlanmagy, ýurduň demir ýol ulgamynyň ösüşinde göz öňünde tutulýan demirýol transport taslamalarynda strategiki Gündogar-günbatar koridor  bilen baglanyşykly  meýilnamalaryň biridir. 
Eýranyň ýollar we şähergurluşyk ministri "Rostam Gasemi" 32 kilometrlik Şalamçeh demir ýoluny Basra birikdirmek meýilnamasynyň möhümdigini aýtdy; Ol şeýlede Indi 20 ýyl garaşamadan soň, bu ýlalaşygyň kesgitli tertibi bar diýdi.
Yragyň Daşary işler ministri Fouad Huseýin Tährana eden soňky sapary wagtynda Şalamçe-Basra demir ýol taslamasynyň işlemegini isledi we ony bu ýurt üçin möhüm hasaplandy.
Ylalaşygyň maddalarynyň biri, Yrak-Eýran köprüsiniň maksatnamasynyň indiki aýyň içinde başlamagydyr. Umumy ylalaşyk, Yslam Respublikasynyň Demirýol Kompaniýasy bilen Yrak Demirýol Kompaniýasy bu taslamany bilelikde durmuşa geçirer we 2 aýyň içinde  bilelikdäki firma dörediler.
Memoranduma laýyklykda, Eýran Arwand derýasynyň üstünden köpri  gurmagy maksat edinýär, Yrak tarapy bolsa Şalamçe serhedinden Basra demir ýol menziline Yrak topragynda 32 kilometrlik demir ýol gurmaga borçlydyr.
Bu demir ýoluň gurulmagy, iki goňşy ýurduň arasynda ýolagçylaryň we harytlaryň we zyýaratçylaryň  hereketini döretmekde möhüm rol oýnar.