Eýran bilen Türkmenistanyň demir ýol hyzmatdaşlyklary ösdürilýär
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i1503-eýran_bilen_türkmenistanyň_demir_ýol_hyzmatdaşlyklary_ösdürilýär
Eýran bilen Türkmenistanyň demirýol edaralarynyň resmileri Eýranyň demirgazyk gündogarynda ýerleşen halkara Sarahs duralgasynda geçiren maslahatlarynda hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekdiler.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 27, 2018 18:51 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Türkmenistanyň demir ýol hyzmatdaşlyklary ösdürilýär

Eýran bilen Türkmenistanyň demirýol edaralarynyň resmileri Eýranyň demirgazyk gündogarynda ýerleşen halkara Sarahs duralgasynda geçiren maslahatlarynda hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekdiler.

Eýranyň tele-radio habarlar gullugynyň beren habaryna görä Eýranyň Horasan welaýatynyň demirýol edarasynyň başmüdiri Muhammet Hadi Ziýaýi Mehr türkmen resmileri bilen geçiren maslahatynda 2017-nji ýylda Eýran bilen Türkmenistanyň demirýol gatnawlary 2016-njy ýyla görä  2 göterim we haryt tranzitinde  hem 66 göterim ösendir diýdi.

Eýranyň Horasan welaýatynyň demirýol edarasynyň başmüdiri Muhammet Hadi Ziýaýi Mehr sözüniň dowamynda 2018-nji ýylda hem Eýran bilen Türkmenistanyň demirýol gatnawlarynyň ösmegini umyt edip Eýran bilen merkezi Aziýa ýurtlarynyň ösmegi netijesinde haryt tranziti hem ösjekdir diýip nygtady.