Eýran-Owganystan halkara demir ýol şertnamasy baradaky kanunyň amala aşyrylmagy
(last modified Thu, 13 Jan 2022 08:22:25 GMT )
Jan 13, 2022 13:22 Asia/Ashgabat
  • Eýran-Owganystan halkara demir ýol şertnamasy baradaky kanunyň amala aşyrylmagy

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Eýran hökümeti bilen Owganystanyň arasynda Halkara demir ýol gatnaşyklary baradaky Ylalaşyk baradaky Kanunyň ýerine ýetirilişini yglan etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýid Ebrahim Raisi,Eýran Yslam Respublikasynyň baş kanunynyň123-nji maddasyny durmuşa geçirmek ugurda, Eýran Yslam Respublikasynyň hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň hökümeti arasyndaky Halkara demirýol Ylalaşyk baradaky Kanuny amala aşyrmak üçin  ýol we şäher gurluşyk ministrligine tabşyrdy.

Bir ýyl çemesi öň Eýranyň Yslam şura mejlisi Owganystan bilen halkara demir ýol şertnamasyny tassyklady.

Bu şertnamanyň yglan edilmegi bilen, Khaf-Hyrat demirýol super taslamasy we Eýran-Owganystan demirýol birikmesi, Owganystanyň ösmegine we Eýranyň üstaşyr güýjüniň artmagyna sebäp boljakdyr. bu Eýranyň altynjy demirýol serhedi hökmünde başlar.

Bu ýoluň 78 km Eýranda, takmynan 60 km Owganystanda.