Wenadaky gepleşiklerindäki Günbatarlylaryň nädogry hereketleri
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i15452-wenadaky_gepleşiklerindäki_günbatarlylaryň_nädogry_hereketleri
Eýrana garşy girizilen sanksiýalary ýatyrmak baradaky Wena gepleşikleriniň 28-nji güni, Eýranyň baş gepleşikçisi we 4 + 1 toparyň (Russiýa, Hytaý, Angliýa, Fransiýa we Germaniýa) wekilleriniň arasyndaky duşuşyk bilen dowam etdi.
(last modified 2022-01-25T01:50:16+00:00 )
Jan 25, 2022 06:50 Asia/Ashgabat
  • Wenadaky gepleşiklerindäki  Günbatarlylaryň nädogry hereketleri

Eýrana garşy girizilen sanksiýalary ýatyrmak baradaky Wena gepleşikleriniň 28-nji güni, Eýranyň baş gepleşikçisi we 4 + 1 toparyň (Russiýa, Hytaý, Angliýa, Fransiýa we Germaniýa) wekilleriniň arasyndaky duşuşyk bilen dowam etdi.

 Eýranyň esasy gepleşikçisi Ali Bageri ýekşenbe güni ÝB-niň daşary syýasat başlygynyň orunbasary we  ýadro şertnamanyň Ýewropa taraplarynyň utgaşdyryjysy Enrike Mora bilen duşuşdy. Bageri, şeýle hem, 4 + 1 toparyň ýokary derejeli wekilleri bilen maslahatlaşdy.
Bu gepleşiklerdäki Orsýetiň wekili  Olýanow,"Syýasy geňeşmeler ädim-ädim geçirilýär we gatnaşyjylaryň arasynda dürli formatlarda peýdaly duşuşyklary geçirdik" -diýdi.
Orsýetiň wekili  4 + 1 toparyň we Eýranyň wekilleriniň ýygnagy barada durup geçip, şeýle diýdi: "Taraplar bu ýygnakda iň möhüm we ileri tutulýan meseleleriň birine ýüz tutdular.  Biz gepleşikleri ädimme-ädim dowam edýäris diýdi.
 Gepleşikleriň öňe gitmeginiň alamatlary bar bolsa-da, günbatarlylar  henizem käbir meseleleri gozgamak we faktlary we bolup geçýän zatlary ýoýmak arkaly Eýrany gepleşikleriň gidişine günäkär diýip tanatmaga synanyşýarlar. günbatarlylar Eýrandan  iň köp bal gazanmak maksady bilen bu ýurda edilýän basyşy güýçlendirýärler.
Wagtlaýyn ylalaşyk meselesini gozgamak ýa-da möhleti kesgitlemek günbatar partiýalarynyň soňky günlerde toslamalary we Eýrana edilýän basyşy artdyrmak maksady bilen öňe sürlen meseleleriniň biridir.
ABŞ-da ýerleşýän "NBC News" şenbe güni habarly çeşmelere salgylanyp, Russiýa Wena gepleşiklerinden soň soňky hepdelerde Eýrana "wagtlaýyn şertnama" teklip hödürledi. "Bu" wagtlaýyn şertnama "Eýranyň ýadro programmasyna käbir çäklendirmeleri girizmegiň deregine käbir sanksiýalaryň "ýatyrylmagyny öz içine alar diýip aýtdy.
Şeýle-de bolsa, Wenada gepleşikleriň täzeden başlamagyndan başlap, Eýranyň gepleşik topary gepleşikleriň ýerlikli we logiki taýdan bolmalydygyny, basyş astyndaky gepleşikleriň ret  ediljekdigini aýdandyr
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh mundan ozal hem şeýle diýdi: "Biz sanksiýalary  ýatyrmak üçin beýleki tarapa beren taslamalarymyz esasynda gepleşik geçirýäris, esasanam  ädimme-ädim ýa-da wagtlaýyn şertnamany kabul etmeýärs diýip aýtdy. "