Gasemi: Eýranyň syýasaty sebitiň howpsuzlygyna ýardam etmekdir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i1553-gasemi_eýranyň_syýasaty_sebitiň_howpsuzlygyna_ýardam_etmekdir
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Eýran Yslam respublikasynyň usully, durnukly we üýtgemez syýasaty mydama sebitiň parahatçylygyna, durnuklylygyna we howpsuzlygyna kömek etmekdir diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 29, 2018 18:34 Asia/Ashgabat
  • Gasemi: Eýranyň syýasaty sebitiň howpsuzlygyna ýardam etmekdir

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Eýran Yslam respublikasynyň usully, durnukly we üýtgemez syýasaty mydama sebitiň parahatçylygyna, durnuklylygyna we howpsuzlygyna kömek etmekdir diýip yglan etdi.

öten agşam bahram Gasemi soňky wagtlarda Iordaniýanyň patyşasynyň Eýranyň sebitleýin syýasatlary barada aýdan gürrüňine yşarat edip bu gürrüňler sebitdäki hakykatlara jebis gelýän däldir we sebit ýurtlarynyň aglabasy sebitde parahatçylygyň we durnukly howpsuzlygyň berkarar bolmagyny isleýändirler diýip nygtady.

Bahram Gasemi şeýle-de sebitdäki dartgynlylyklaryň asly köküni tapyp ony gurytmak ugurda çynlakaý yrada gulluk edilmese Ortagündogarda durnuklylygyň we durumly howpsuzlygyň berkarar bolmagyna garaşyp bolmaýar diýip sözüne goşdy.