Raisi: Trumpyň şowsuz syýasatlarynyň dowam etmegi Wena gepleşikleriniň gidişinde esasy päsgelçilikdir
(last modified Wed, 09 Feb 2022 17:23:49 GMT )
Feb 09, 2022 22:23 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Trumpyň şowsuz syýasatlarynyň dowam etmegi Wena gepleşikleriniň gidişinde esasy päsgelçilikdir

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: ABŞ-nyň öňki administrasiýasynyň şowsuz syýasatlarynyň dowam etdirilmegi gepleşikleriň makullanmagyna esasy päsgelçilikdir diýdi.

Çarşenbe güni ISNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýed Ybraýym Raisi Ýaponiýanyň premýer-ministri Kişida Fumionyň telefon jaňynyň jogabynda bu ýurduň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň derejesini güýçlendirmek we berkitmek islegini garşy alyp Eýran bilen Ýaponiýa şöhratly taryhy we parahatçylykly siwilizasiýasy bolan iki ýurt bolup, Gatnaşyklarynyň güýçlenmegi ähli halklaryň bähbidinedir diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şeýle-de iki ýurduň mümkinçiliklerine uns bermek bilen, Tähran-Tokio gatnaşyklaryny berkitmek üçin uly ädimler ätip bileris diýdi.

Raisi ABŞ hökümetiniň öňki administrasiýanyň şowsuz syýasatlaryna ygrarlylygy Wena gepleşikleriň makullanmagyna uly päsgelçilikdir diýmek bilen Eýran Yslam Respublikasy, ýadro şertnamasyna garamazdan, özara bähbitler ugrunda beýleki ýurtlar, şol sanda Ýaponiýa bilen gatnaşyklarynyň we hyzmatdaşlygynyň derejesini ýokarlandyrmaga taýýardyr diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti dünýäde dowamly parahatçylygyň we durnuklylygyň zerurdygyny aýtmak bilen şeýle diýdi: Tähran we Tokio bilelikdäki hyzmatdaşlygy güýçlendirmek arkaly sebitde we dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy döretmekde we ösdürmekde täsirli rol oýnap biler.

Ýaponiýanyň premýer-ministri "Kishida Fumio" hem telefon arkaly eden çykyşynda Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşiniň ýyl dönümini gutlamak bilen Daşary işler ministrliginiň we Eýran-Ýaponiýa dostluk toparynyň başlyklyk eden döwründe Tährana birnäçe gezek sapar etdim we şu gün premýer-ministr hökmünde iki ýurduň mümkinçiliklerini bilip, gatnaşyklary ösdürmäge we bilelikdäki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini işjeňleşdirmäge çalyşýaryn diýip yglan etdi.