Eýranyň içeri işler ministri ertir Pakistana sapar gurar
(last modified Sun, 13 Feb 2022 08:56:58 GMT )
Feb 13, 2022 13:56 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň içeri işler ministri ertir Pakistana sapar gurar

Eýranyň içeri işler ministri ertir (duşenbe) pakistanly kärdeşiniň çakylygy boýunça Yslamabat şäherine barar.

Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, Pakistanyň içeri işler ministri Şeýh Reşid Ahmad ertir, duşenbe güni Nur Han howa bazasynda Eýranyň içeri işler ministri Ahmad Wahidi we onuň ýaranlaryny garşy alar.

Eýranyň içeri işler ministri Pakistanyň ýokary derejeli resmileri  şol sanda premýer-ministr we içeri işler ministri bilen duşuşar.

Wahidi ertir Pakistanyň premýer-ministri Imran Han bilen duşuşar.

Şeýle hem Eýranyň we Pakistanyň içeri işler ministrleri serhet dolandyryşyny güýçlendirmek we tussaglaryň alyş-çalyş şertnamasyny öňe sürmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Bu sapar Ahmad Wahidiniň belleneninden bäri Eýranyň içeri işler ministri hökmünde Pakistana ilkinji saparydyr.