Ýolbaşçylyk perspektiwasy; Eýranyň ylmy ösüşine hyzmat etmekdäki ýadro energiýasy
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri, dünýäniň ýadro energiýasyna garaşly bolýandygyny we Eýranyň parahatçylykly ýadro energiýasyna mätäç boljakdygyny aýtdylar.
Aýatolla Hameneýi, 1356-nji ýylyň 29-nji bähmändäki ynkylabynyň ýyl dönümi mynasybetli Töwriz halky bilen wideo duşuşygynda ýadro eneriýani parahatçylykly ulanmagymzy bilmeklerine garamazdan,duşman frontunyň Eýranyň parahat ýadro meselesini nyşana almagynyň sebäbini we eziji sanksiýalaryň girizilmegini beýan etdiler. Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideriو Eýranyň ýadro ýaraga ýakyn diýän duşmanyň ýalan sözleri, Eýranyň geljekdäki zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin ylmy ösüşe päsgelçilik bolup durýar diýdiler.
Eýranyň parahatçylykly ýadro programmasy, soňky ýyllarda duşman metbugatynyň Eýrana garşy söweşleriniň nyşanalarynyň biridir. Eýran, beýleki ýurtlar ýaly, ösüşi we geljegini meýilleşdirmek üçin dürli ugurlarda dünýä derejesindäki bilimleri almaga haklydyr.
Ýadro ylmyna üns bermek we täze energiýalary ulanmak ähli ýurduň we onuň halkynyň durmuşy, abadançylygy we ösüşi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr we Eýran içerki güýje we ygtyýara bil baglap bu ugurda ädim ädýär. Parahatçylykly ýadro energiýasyna eýe bolmak, dürli pudaklaryň ösüşine gönüden-göni täsir edýär. Mysal üçin, halkyň azyk howpsuzlygyny we lukmançylyk ylymlaryny üpjün etmek üçin oba hojalygynda täze usullary edinmek, halkyň saglygyny üpjün etmek üçin esasy bilimlere eýe bolmak bilen möhüm gatnaşyga eýedir.
Dürli önümleri diwersifikasiýa etmek we käbir çynlakaý keselleri bejermek üçin ýörite derman öndürmek, şeýle hem dürli ölçegdäki ylmy ösüş üçin zerur şert ýadro ylmyna eýe bolmak we parahatçylykly peýdalanmak üçin gözlegleri we ösüşleri dowam etdirmekdir. Ýadro ylmy adam durmuşynyň ähli ugurlaryna girdi we bu meselede ýüze çykan islendik kemçilikler, Eýranyň ylmy ösüş ýolunda öňe gitmegini kynlaşdyrar.