Raisi: Eýranyň islegi Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek
(last modified Sun, 20 Feb 2022 16:03:53 GMT )
Feb 20, 2022 21:03 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Eýranyň islegi Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Tähran Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlary, esasanam Özbegistan bilen gatnaşyklaryň ösmegini ileri tutýar diýdi.

Eýran Talyplar Habar Gullugynyň (ISNA) habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi ýekşenbe güni premýer-ministriň orunbasary we Özbegistanyň maýa goýum we daşary söwda ministri Serdar Omar Zakow bilen geçiren duşuşygynda Iki ýurduň arasynda oba hojalygy, senagat, ulag, energiýa we syýahatçylyk ýaly dürli ykdysady ugurlarda hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiligini belläp geçdi we Häzirki wagtda iki ýurduň prezidentleriniň syýasy erk-islegi gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösmegine we çuňlaşmagyna esaslanýar we ähli mümkinçilikleri işjeňleşdirmek arkaly iki ýurduň gülläp ösmegine we ösüşine tarap uly ädimler ätmegi ýüregimize düwýäris diýip yglan etdi.

Özbegistanyň premýer-ministriniň orunbasary we maýa goýum we daşary söwda ministri Serdar Omarzakow hem iki prezidentiň Türkmenistanda duşuşanyndan soň Daşkentiň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin ýol kartasyny düzendigini aýdyp Özbegistanyň prezidentiniň tabşyrygy boýunça , bu saparda ýokary derejeli ykdysady işgärler we hususy pudak aktiwistleri bilen gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin ýol kartasyny durmuşa geçirmegiň usullaryny gözden geçirmek we gutarmak üçin maňa ýoldaşlyk edýärler diýdi.

 

Tags