Gasemi Amerikanyň CIA guramasynyň başlygynyň toslamasyny ýazgardy
(last modified Wed, 31 Jan 2018 17:18:24 GMT )
Jan 31, 2018 22:18 Asia/Ashgabat
  • Gasemi Amerikanyň CIA guramasynyň başlygynyň toslamasyny ýazgardy

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi Amerikanyň CIA guramasynyň başlygy Mike Pompeoyň Eýranyň sebitleýin syýasaty barada aýdan gürrüňlerini ýazgaryp Eýranyň goňşylary mydama Tehranyň daşary syýasatynyň gün tertibindedirler diýdi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi başga ýurtlaryň işlerine gatyşmazlyk asly esasynda Eýran hem goňşy ýurtlaryň hemmesiniň milli häkimiýetlerine we toprak bitewiligine hormat goýýandyr we şol asyl esasynda goňşy ýurtlaryň howpsyzlygy Eýranyň howpsyzlygy hökümindedir diýip yglan etdi.

Bahram Gasemi sözüniň dowamynda Mike Pompeonyň toslamasyny esassyz hasaplap bu hilli puç gürrüňler sebit ýurtlarynyň arasynda agzalalyk döretmek maksady bilen ara atylýandyr diýip nygtady.

düýn Amerikanyň merkezi aňtaw guramasynyň başlygy Mike Pompeo Eýrany sebitde durnuksyzlyk dörediji hereketlere baş goşmakda aýyplap Waşington döwleti Eýranyň sebite aralaşmagy barada howatyr edýändir diýip toslady.