Aýnollahi: Eýran, Krona bilen garşylaşmakda dünýäniň iň gowy 10 ýurdunyň biridir
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministri Eýran Yslam Respublikasy, korona garşy göreşde dünýäniň iň gowy 10 ýurdunyň biridir we muny ýurduň möhüm üstünliklerinden biri hasaplap bolar diýdi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministri "Bahram Aýnollahi" anna güni Golestan welaýatynyň Azadshahr şäherindäki Hezreti Masoumeh (SA) keselhanasyna baryp görmekden soň habarçylara beren gürrüňlerinde Korona keseliniň öňüni almak we ýurda giň sanjym etmek, hem-de korona bejermek üçin edilen tagallalar bilen Bütindünýä Saglyk Guramasyny goşmak bilen ähli halkara guramalar Yslam Respublikasynyň tagallalaryna ýokary baha berdiler diýip yglan etdi.
Aýnollahi, fiziki ösüşi 10 bilen 90% arasynda üýtgäp bilýän 220-e golaý ýarym taýýar taslamanyň bardygyny aýtmak bilen bu ministrligiň ileri tutýan zady ýarym taslamalary tamamlamakdyr diýdi.