Ruhani: Eýran milleti hiç haçan respublikasyndan we yslamyýetden dänmez
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i1591-ruhani_eýran_milleti_hiç_haçan_respublikasyndan_we_yslamyýetden_dänmez
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani respublika we yslamyýet yslam ynkylabynyň düýbini tutan Ymam Humeýni hezretleriň ýadigärliklerindendir diýmek bilen Eýranyň uly milleti hiç haçan bu iki aslydan ýüz öwürmez diýip nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 31, 2018 18:48 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Eýran milleti hiç haçan respublikasyndan we yslamyýetden dänmez

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani respublika we yslamyýet yslam ynkylabynyň düýbini tutan Ymam Humeýni hezretleriň ýadigärliklerindendir diýmek bilen Eýranyň uly milleti hiç haçan bu iki aslydan ýüz öwürmez diýip nygtady.

şu gün prezident Hasan Ruhani yslam ynkylabynyň ýeňişe ýeten gününiň 39-njy ýyllygynyň bosagasynda habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde eziji gudratlar Eýran milletiniň milli häkimiýeti, garaşsyzlygy we azatlygy el gerendir we ony gorajakdyr we Eýran yslam respublikasyny mydama hormatlajakdyr diýip beýan etdi.

prezident Ruhani sözüniň dowamynda hiç kim Eýran milletini nazaryny beýan etmekde, tankyt etmekden we hatda nägilelik bildirmekden alyp galyp bilmez diýmek bilen ýurduň bütin jogapkärleri ilatyň isleglerine gulak asmalydyrlar diýip nygtady.