Şamhani: Amerikanyň taraplar üçin berk we goragly ylalaşyk gazanmak islegi ýok
Eýranyň Milli Howpsuzlyk boyunca yokary Geňeşiniň sekretary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň taraplar üçin berk we goragly ylalaşyk gazanmak islemeýändigini aýtdy.
Wenadaky Eýran bilen 4 + 1 toparyn (Germaniýa, Fransiýa, Angliýa, Russiýa we Hytaý) Yewropa bilelesiginin utgasdyryjysynyn arasynda geçirilen Wenanyň gepleşikleriniň sekizinji tapgyry Wenadaky Koburg myhmanhanasynda dowam edyar.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary "Ali Şamhani" şu gün irden (penşenbe) twit ýazyp Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Eýranyň prinsipial tekliplerine beren jogaby, we onun kabul ederliksiz teklipleri we ýalan bahana bilen çalt şertnama baglaşmaga ilerlemegi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň taraplar üçin berk we goragly ylalaşyk gazanmak islemeýändigini görkezýär diydi.