Ynkylabyň ýokary lideri: Amerika garşy ýykylmak uly ýalňyşlyk we syýasy güýje zarbadyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i15968-ynkylabyň_ýokary_lideri_amerika_garşy_ýykylmak_uly_ýalňyşlyk_we_syýasy_güýje_zarbadyr
Yslam Ynkylabyň mertebesi belent Ýolbaşçysy, sanksiýalardan gaça durmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ýa-da başga bir güýje ýykylmagy uly ýalňyşlyk we zarba hasapladylar.
(last modified 2022-03-10T15:35:39+00:00 )
Mar 10, 2022 20:35 Asia/Ashgabat
  • Ynkylabyň ýokary lideri: Amerika garşy ýykylmak uly ýalňyşlyk we syýasy güýje zarbadyr

Yslam Ynkylabyň mertebesi belent Ýolbaşçysy, sanksiýalardan gaça durmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ýa-da başga bir güýje ýykylmagy uly ýalňyşlyk we zarba hasapladylar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hamenei şu gün (penşenbe) Bilermenler(hubralar) mejlisiniň başlygy we agzalary bilen dgeçiren duşuşygynda sanksiýalardan gaça durmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ýa-da başga bir güýje ýykylmagy uly ýalňyşlyk we zarba hasaplap Duşmana duýdyrmazlyk üçin goranyşy azaltmaly diýýänlerden has sada we gödek adam ýokdyr diýip beýan etdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri milli güýji birleşýän we birek-birege bagly bir zat hasaplap ony açyklamakda "Ylym we tehnologiýa" we "pikirlenmek we  erkin pikir" milli güýç sütünleriniň hataryna girýär we erkin pikir we intellektual ösüş bolmasa, ylym we tehnologiýa hem ýol almaz diýip nygtadylar.

Ol hezretleri şeýle-de Milletleri özüňe çekmek, her bir ýurt üçin strategiki çuňlugy döredýär diýip sözlerine goşdylar.

Milli güýçleriň käbir gollaryny kesmek isleýänlere rugsat berilen bolsady, Eýran şu gün uly howp astynda bolardy ýöne Taňrynyň islegi we aladasy bilen bu teklipleri durmuşa geçirmek müýesser bolmady diýip Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hamenei hezretler belläp geçdiler.