Serdar Gaani: Ukrainadaky wakalar erbet, ejiz we güýçsiz Amerikanyň bolmagy sebäplidir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i16018-serdar_gaani_ukrainadaky_wakalar_erbet_ejiz_we_güýçsiz_amerikanyň_bolmagy_sebäplidir
Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Kuds güýçleriniň serkerdesi Ukrainadaky wakalaryň sebäbiniň erbet, ejiz we güýçsiz Amerikanyň bolmagydygyny aýtdy.
(last modified 2022-03-15T13:35:29+00:00 )
Mar 15, 2022 18:35 Asia/Ashgabat
  • Serdar Gaani: Ukrainadaky wakalar erbet, ejiz we güýçsiz Amerikanyň bolmagy sebäplidir

Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Kuds güýçleriniň serkerdesi Ukrainadaky wakalaryň sebäbiniň erbet, ejiz we güýçsiz Amerikanyň bolmagydygyny aýtdy.

Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Kuds güýçleriniň serkerdesi Serdar "Ysmaýyl Gaani" bu güýçleriň serkerdeleriniň we Pasdarlarynyň arasynda Ukrainadaky krizis we ABŞ-nyň içiboş güýji barada eden çykyşynda egerde bu zatlar häzirki wagtda Ukrainada bolup geçýän bolsa, Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň hem agzap geçen esasy we möhüm sebäplerinden biri, erbet, ejiz we güýçsiz Amerikanyň bolmagydyr.

Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Kuds güýçleriniň serkerdesi general Haj Gasem Soleýmanyň we Abu Mahdi al-Mohandesiň terror edilmegine salgylanyp: Mertebeli şehitlerimiz Şehit Soleýmaniniň, Şehit Abu Mahdi we olaryň ýoldaşlarynyň arassa gany sebäpli, onuň her damjasy müňlerçe erkin we yhlasly adamlary türgenleşdirip bildi we bu front öňe barýar diýdi.

Serdar Gaani şeýle-de häzirki wagtda Amerikalylar sebitdäki garşylyk toparlaryndan gorkýarlar, Yrakda söweş güýçlerimiziň ýokdugyny aýdýarlar we Yrakda abatlamak we dikeltmek boýunça diňe 2500 amerikan geňeşçisiniň bardygyny öňe sürýärler.

Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Kuds Güýçleriniň serkerdesi şeýle-de, Ynkylap Goragçylarynyň Yragyň Erbil şäherinde galp sionist režimiň strategiki merkezini nyşana almagyna yşarat edip we ybadathanany (härämi) goraýan iki pasdaryň şehitligini uly tutmak baradaky aýgytly we öwrediji hereketine salgylanyp bir wagtlar Nil derýasyndan Frat derýalaryna şygarlar aýdýan jenaýatçy Sionist režimi indi şeýle bir kemsidilýär welin, gijelerine gorkudan ýaňa titräp, oýanyp, basyp alnan ýerleriň bir bölegini ýitirmekden gorkýarlar diýdi.