Amir Abdullahian: Eýran üçin Russiýa bilen gatnaşyklaryň ösmegi möhümdir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i16020-amir_abdullahian_eýran_üçin_russiýa_bilen_gatnaşyklaryň_ösmegi_möhümdir
Eýranyň daşary işler ministri haýsydyr bir halkara özgerişlere garamazdan, Russiýa bilen gatnaşyklaryň ösmegi Eýran üçin möhümdir diýdi.
(last modified 2022-03-15T13:54:01+00:00 )
Mar 15, 2022 18:54 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdullahian: Eýran üçin Russiýa bilen gatnaşyklaryň ösmegi möhümdir

Eýranyň daşary işler ministri haýsydyr bir halkara özgerişlere garamazdan, Russiýa bilen gatnaşyklaryň ösmegi Eýran üçin möhümdir diýdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, şu gün öýlän (sişenbe) rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen duşuşmak üçin Moskwa baran Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdullahian Russiýanyň Daşary işler ministrliginde delegasiýa ýolbaşçylyk edip bu ýurduň Daşary işler ministri bilen duşuşdy we pikir alyşdy.

Amir Abdullahian Moskwada bolanyndan kanagatlanýandygyny mälim etmek bilen Russiýanyň gepleşikçileriniň Wenadaky Eýrana garşy sanksiýalary ýatyrmak baradaky ylalaşyga ýakynlaşmak üçin döreden döredijilikli tagallalaryna minnetdarlyk bildirdi.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem Amir Abdullahian bilen bolan duşuşygynda Wena gepleşikleriniň gutaryp barýandygyny aýdyp Eýran-Russiýa söwda gatnaşyklarynyň geçen ýyl rekord derejede 80% -e ýetendigini aýtdy.

Eýranyň daşary işler ministri Russiýanyň Eýrana garşy zalymlykly sanksiýalary ýatyrmak barada ylalaşyga gelmek üçin päsgelçilik döretmeýändigini aýdyp Amerikan tarapynyň ylalaşyk gazanmakdaky köp isleýjilikli isleglerinden ýüz öwürmegine umyt bildirdi.

Amir Abdullahian şeýle-de Wena gepleşikleriniň başyndan bäri oňyn we konstruktiw rol oýnan Russiýa, gepleşikler gutarýança Eýranyň tarapynda bolar diýdi.