Raisi: butin ýurtlara dostluk elini uzadýarys
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i16066-raisi_butin_ýurtlara_dostluk_elini_uzadýarys
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti: "Biz ähli ýurtlara dostluk elimizi uzadýarys" -diýdi.
(last modified 2022-03-20T09:42:14+00:00 )
Mar 20, 2022 14:42 Asia/Ashgabat
  • Raisi: butin ýurtlara dostluk elini uzadýarys

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti: "Biz ähli ýurtlara dostluk elimizi uzadýarys" -diýdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä; Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi, Nowruz mynasybetli ýekşenbe güni Täjigistanyň prezidenti Ymam Ali Rehmana habar iberip, adamzat gymmatlyklaryna tarap hereketiň täze asyrda çaltlaşjakdygyna umyt bildirdi.

Nowruzyň gymmatlyklara gönükdirilen siwilizasiýanyň nyşany we hadysasydygyny bellän Raisi: Eýran Yslam Respublikasy bu medeni raýdaşlygyň güýçlenmegini we giňelmegini sebitdäki we dünýäniň ähli ýurtlary üçin parahatçylygyň we asudalygyň wadasy hasaplaýar dymek bilen "Biz ähli ýurtlara dostluk elimizi uzadýarys" -diýip nygtady.